Merkezi Aziýa döwletleri şu gün gazak, gyrgyz, täjik, türkmen, özbek, rus we iňlis dillerinde çap edilen Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek arkaly sebitde raýatsyzlygyň soňuna çykmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip, NCA portaly ýazýar.
Jarnama 2024-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan Hökümeti hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahatyň esasy netijesidir.
Ýeri gelende bellesek, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy tarapyndan kabul edilen Aşgabat Jarnamasy raýatsyzlygy aradan aýyrmak we onuň öňüni almakda sebitde gazanylan üstünlikleri goldamak we ösdürmek üçin sekiz sany strategiki ugry kesgitleýär.
Resminama bilen dolulygyna şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
Mundan ozal Türkmenistanyň raýatsyzlygy doly aradan aýyran dünýädäki ilkinji döwlet bolandygyny habar beripdik.