Raýatlaryň WhatsApp, Telegram hasaplaryna zyýanly linkler iberilýär

Raýatlaryň WhatsApp, Telegram hasaplaryna zyýanly linkler iberilýär

Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň ençemesine salgylanyp, raýatlaryň WhatsApp, Telegram we TikTok ýaly sosial media hasaplaryna zyýanly linkleriň iberilýändigini habar berýär. Adamlar öz telefonlaryndaky şahsy maglumatlaryň goraglylygyna alada bildirýär.

“Telefonyma TMCELL-den SMS geldi. SMS-de çelgi bardy, şol çelgä basdym, düşnüksiz saýt açyldy. Soň düşünmän saýtdan çykdym. Bir sagatdan bir Telegram toparynda meniň şahsy suratlarym paýlaşyldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüni Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy hökmünde tanyşdyran bir Internet ulanyjysynyň sözlerini sitirleýär.

Telegram we WhatsApp toparlarynda Türkmenistanyň mobil telefon belgilerine baglanan Instagram, Tik-Tok, IMO we şuňa meňzeş beýleki sosial media hasaplaryny döwmek, bir-biregiň SMS-lerini ogrynça okamak, telefon jaňlaryny ogrynça diňlemek ýaly hyzmatlary hödürleýän bildirişler paýlaşylýar.

Daşoguzly ýaşaýjy 11-nji fewralda SMS arkaly iberilen Internet çelgisine basandan soňra, Telegram toparlarynyň birinde şahsy suratlarynyň paýlaşylyp, özüniň ten satýan aýal hökmünde görkezilendigini aýdýar.

Kiberhowpsuzlyk hünärmenleri SMS ýa-da elektron poçta arkaly kabul edilen nätanyş çelgilere basmazlygy, şeýle maglumatlar kabul edilen halatynda “report phisihing”, ýagny “fişing barada habar ber” düwmesine basyp, habar bermegi, galyberse-de, hat iberen salgylary bloklamagy, ýagny petiklemegi maslahat berýärler.

Raýatlaryň telefonlaryna zyýanly linkleriň iberilmegi baradaky maglumatlar ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda çem gelen telefon belgilerine VPN hyzmatlaryny hödürleýän SMS-leriň kabul edilmegi barada beren habarlarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Türkmenistanda WhasApp, Telegram ýaly messenjerler, şeýle-de Instagram, Facebook ýaly sosial ulgamlar petikli bolmagynda galýar. Adamlar VPN programmalary arkaly petigi böwsüp, şeýle ulgamlardan peýdalanmaga çalyşýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy raýatlaryň telefon belgilerine zyýanly çelgileriň iberilmegi barada beýanat bermeýär. Türkmenistanda 2019-njy ýylda ýurduň “kiberözbaşdaklygyny goramaga" gönükdirilen "Kiberhowpsuzlyk” kanuny kabul edildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň haýsy welaýatda ýaşaýandygyny aýtmakdan saklanan beýleki bir türkmenistanlynyň Link atly sosial ulgamdaky hasabynyň ogurlanyp, onuň üsti bilen pornografik maglumatlaryň ýaýradylandygyny habar berýär.

Näbelli adamlar tarapyndan edilen erbetligiň pidasy bolandygyny aýdýan türkmenistanly özüniň “etmedik etmişi üçin” 15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga höküm edilendigini aýdýar.

Döwlet häkimiýeti Internet torunda raýatlaryň şahsy durmuşynyň eldegrilmezligini üpjün etmegi öz üstüne alýar. Ýöne ýurduň çäginde köpçülikleýin paýlaşylýan zyýanly çelgiler ilat arasynda Internet torunyň howpsuzlygy barada aladalara sebäp bolýar.

Bir Internet ulanyjysy adamlaryň telefonlaryndaky şahsy maglumatlary ogrynça okamak hyzmatyny hödürleýän taraplar bilen habarlaşyp, şeýle hereketleriň bikanun bolandygyny duýdurypdyr.

“Men şeýle bildirişler bilen gyzyklanyp, degişli telefon belgisine jaň etdim. Meniň jaňyma jogap beren erkek adam, şeýle hyzmatlar üçin 2 müň manat möçberine pul sorady. Men bu edilýän işleriň bikanun hereketlere meňzeýändigini aýdanymda sen ondan arkaýyn bolup bilersiň’ diýdi” diýip, Internet ulanyjysy aýdýar.

Bu aralykda, soňky wagtlarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Internet aragatnaşygynyň üpjünçiliginde bökdençlikler ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 21-nji fewralda sagat 17:00 töwereklerinde Internet aragatnaşygynyň kesilip, agşam sagat 21:00 töwereklerinde gaýtadan dikeldilendigini habar berýär.

Turkmen.news neşiri hem 21-nji fewralda Aşgabatda birnäçe sagatlap Internet üpjünçiliginiň kesilendigini, bu ýagdaýyň “Aşgabat şäher telefon ulgamy” hem-de ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan TMCELL tarapyndan hödürlenýän Internet hyzmatlaryny bökdändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça aragatnaşyk resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşy tassyklanyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzi institutynyň gurluşyny tassyklady
2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi
Ulag-aragatnaşyk toplumy ösdürilýär
Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk