Raýatlara VPN hödürleýän SMS-ler iberilýär, ilat onuň howpsuzlygyna alada bildirýär

Raýatlara VPN hödürleýän SMS-ler iberilýär, ilat onuň howpsuzlygyna alada bildirýär

Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri ýurt raýatlarynyň käbirleriniň mobil telefonlaryna VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Raýatlaryň ençemesi bularyň kim ýa-da kimler tarapyndan hödürlenýändiginiň anyk belli däldigini aýdyp, VPN-leriň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary, sahypalary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýändigine ynanýar.

“SMS-ler raýatlaryň ählisine däl-de, random, ýagny duş gelen görnüşde görnüşde iberilýär. Munuň sebäbi näbelli bolmagynda galýar. VPN satýan adamlar özüni tanyşdyrmaýarlar. Diňe özüniň hyzmatlaryny hödürleýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň bahasy hususy VPN ussalary tarapyndan hödürlenýän VPN-leriň nyrhy bilen deň. SMS-leri ugradýan tarap VPN-i satyn almak isleýän raýatlara telefon belgisini ugradýar.

Raýat şol belginiň hasabyna 400 manat geçirenden soň, oňa VPN-ni açmak üçin ýörite kod ugradylýar. Şondan soň raýatlar ondan peýdalanyp bilýärler.

“Bular beýleki VPN-lerden hem çalt işleýär” diýip, bu VPN hyzmatyndan peýdalanýan Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

VPN ussalarynyň ençemesi özüniň maglumat goraglylygy barada alada edýän raýatlara “kim ýa-da kimler tarapyndan hödürlenýändigi anyk belli bolmadyk bu VPN-lerden ulanmazlygy” maslahat berýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” kompaniýasynyň telefon belgilerinden iberilýän bu SMS-ler käbir raýatlaryň arasynda alada döredýär.

Raýatlaryň ençemesi bularyň kim ýa-da kimler tarapyndan hödürlenýändiginiň anyk belli däldigini aýdyp, VPN-leriň ýurtda gadagan edilen neşirleri, saýtlary, sahypalary yzarlaýan adamlary anyklamak üçin häkimiýetler tarapyndan iberilýändigine ynanýar.

“Ilat özüniň maglumat goraglylygyny alada edýän bolsa, bularyň kimler tarapyndan hödürlenýändigini anyklamaga çalyşmaly. Sebäbi olar özlerini şahsyýetini mälim etmeýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Bu aladalar bilen türkmenabatly we aşgabatly VPN ussalary we IT hünärmenleri hem ylalaşýarlar. Olar “VPN-lerden peýdalanmagyň, garaşsyz neşirleri okamagyň gadagan edilýän, köp saýtlaryň petikli saklanýan ýurdunda VPN söwdasy bilen baglanyşykly mahabat SMS-lerini ýaýratmagyň örän geň galdyryjydygyny” aýdýarlar.

“Olaryň arkasynda MHM-niň kiber howpsuzlyk bölüminden adamlar bar bolmagy gaty mümkin. Sebäbi MHM gulluklarynda raýatlary yzarlamak üçin ýörite VPN we proksileri döredip bilýän tehnologiýanyň, hünärmenleriň bardygy ikuçsyz” diýip, IT hünärmeni belledi.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz bu SMS-leri ugradan belgileriň ençemesi bilen habarlaşyp, olaryň kimdigini, haýsy kärhana ýa-da taraplar tarapyndan hödürlenýändigini anyklamaga çalyşdylar. Ýöne VPN-leri hödürleýänler özleriniň kimdigini mälim etmekden saklandylar.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kompaniýasyndan hem telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda sosial torlar, şol sanda YouTube, Instagram, TikTok ýaly ulgamlar petik astynda saklanýar. Raýatlar bu saýtlardan peýdalanmak üçin VPN hyzmatlaryny ulanmaly bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: MHM Maryda multimedia mahabatlaryny nyşana alýar, telekeçiler sorag edilýär
MHM Maryda multimedia mahabatlaryny nyşana alýar, telekeçiler sorag edilýär
Balkanda häkimiýetler ilat we býujetçiler bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler, sorag berenleri soraga çekýärler
Türkmenabatda internet ulanyjylar GPON ulgamyna birikmekde kynçylyk çekýär
Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän türkmenistanlylar köpelýär, MHM mylakatly’ düşündiriş işlerini geçirýärler