Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär

Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär

Häkimiýetler ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň talyplaryny, mekdep okuwçylaryny, çagalar baglaryna gatnaýan körpeleri, galyberse-de býujet işgärlerini, şol sanda mugallymlary Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk çärelerine mejbury çekip başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle ýagdaýlar barada Mary welaýatyndan hem-de paýtagt Aşgabatdan maglumat berýärler.

Marynyň welaýat merkezinde 13-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, döwlet telewideniýesine ýazgy etmek maksady bilen bir köpçülik çäresi geçirilipdir.

“Çärä çekilen adamlar ak köýnek we ak kurtka, ýaşlar kellelerine ak başgap geýmeli edildiler. Bu egin-eşikler çärä gatnaşyjylaryň öz harajatlarynyň hasabyna satyn alyndy” diýip, býujet işgäri aýdýar.

Gyzlar-da, oglanlar-da hökman ak kurtka geýmeli, köýnek, balak we başgap ýaly beýleki egin-eşikler hem ak reňkde bolmaly. Bu lybaslar ýüzlerçe manat çykdajy talap edýär. Üstesine, welaýat häkimligi ähli lybaslaryň bir tikinçilik öýünde tikilmegini buýruk beripdir.

“Bu eşikleriň her haýsyna ortaça 600 manat çykdajy edilýär” diýip, döwlet telewideniýesine niýetlenip geçirilen baýramçylyk çäresiniň gatnaşyjysy aýdýar.

Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrunda geçirilen baýramçylyk dabarasy zerarly, bu köçe anna güni bir sagat çemesi möhlet bilen ýapylypdyr. Bu ýagdaý beýleki köçelerde ulag dyknyşyklaryň döremegine getirdi.

Türkmenistanda býujet işgärleri, talyplar, okuwçylar, çagalar baglaryna gatnaýan körpeler döwlet guramaçylygynda geçirilýän köpçülik çärelerine, baýramçylyk dabaralaryna mejbury çekilýärler. Bu ýagdaý ýurtda geçirilýän her bir iri baýramçylykda ýurduň tas ähli sebitlerinde birmeňzeş häsiýete eýe bolýar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde, mugallymlaryň hem üstüne goşmaça wezipeleriň ýüklenip başlandygyny aýdýarlar.

Ýurduň 44 metr bolan Baş arçasynyň yşyklary 14-nji dekabrda paýtagt Aşgabatda dabara bilen ýakyldy.

Bu arça paýtagtly ýaşaýjylaryň arasynda Prezident arçasy diýip hem atlandyrylýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Arçabil şa ýolunyň ugrunda ýerleşýän Baş arçanyň töwereginde 10-njy dekabrdan bäri nobatçylygyň ýola goýlandygyny aýdýarlar.

Mugallymlar bu nobatçylykda polisiýa işgärlerine ýardamçy bellenipdirler.

“Nobatçylar arçanyň bezegleriniň, jäjekleriň alynmagyna ýol bermeli däl. Mugallymlar nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri bilen bilelikde jemgyýetçilik tertibine gözegçilik etmeli” diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

“Býujetden aýlyk alýan we başga hünäri bolmadyk mugallymlaryň hökümetiň dilden aýdýan görkezmelerini ýerine ýetirmekden başga çykalgasy bolmaýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Täze ýyl baýramçylygynda mugallymlaryň polisiýa işgärleri bilen bilelikde nobatçylyga çekilmegi öňki ýyllarda hem gaýtalanýardy.

Türkmenistanda talyplara hem-de okuwçy ýaşlara Täze ýyl baýramçylygyny bellemezlik barada öňünden duýduryşlar berlip başlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary eýýäm geçen aýda paýtagt Aşgabatda mekdep mugallymlarynyň Bilim ministrliginden iberilen bir ýörite görkezmä salgylanyp, okuwçylara Täze ýyl agşamynda baýramçylyk bellemegiň gadagan edilýändigini duýduryş berip başlanduklaryny habar berdiler.

Şonda ýokary synp okuwçylary özlerine goňşular, dogan-garyndaşlar bilen baýramçylyk bellemegiň, şeýle-de, Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň, Aýazbabanyň, Garpamygyň keşbini geýip, köçelere çykmagyň, pirotehnikalary partlatmagyň, bengal çyralaryny ýakyp, şatlyk-şowhun etmegiň gadagan edilýändiginiň duýdurylandygyny aýtdylar.

Ýygnaklarda hökümet tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ýyl arçalarynyň goýuljakdygy, raýatlaryň diňe şol ýerlerde baýramçylygy bellemegine rugsat beriljekdigi aýdyldy.

Munuň yz ýany, habarçylarymyz dekabryň başlarynda Mary welaýatynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryna Täze baýramçylygyny bellemezlik barada dilhatylaryň ýazdyrylandygyny habar berdiler.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde giňden bellenip geçilýär we 1-nji ýanwar ähli edaralardan iş güni däl diýlip yglan edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň mekdeplerinde 'ahlak meselesi' orta goýulýar
Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi
Ýaşaýjy: Ýurt tozdy, emma bularyň Arkadagdan başga aladasy ýok
Maryda döwlet taksilerine gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi
Häkimiýetler orta mekdeplerde 'ahlak gözegçiligini' güýçlendirýär
Türkmen resmileri Ženewada adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?