Raýat işjeňligi, häkimiýetleriň 'mylakatlylygy' türkmen syýasatyndaky 'maýylganlygyň' buşlukçysymy?

Raýat işjeňligi, häkimiýetleriň 'mylakatlylygy' türkmen syýasatyndaky 'maýylganlygyň' buşlukçysymy?

Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ýerli synçylar, dowam edýän syýasy doňaklygyň arasynda, häkimiýetleriň awtoritar tejribeleriniň ýumşap başlandygyny, bu ýagdaýa bolsa ilat arasynda pyntyklaýan raýat raýdaşlygynyň, açyk pikir alyşmalaryň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Şeýle meýiller ýurduň içinde we daşynda soňky birnäçe ýyl bäri kämilleşip, hususan-da soňky bir ýyl bäri ilatyň aň-düşünje giňişliginde has-da ýygjamlaşýan işjeňligiň fonunda bolup geçýär.

Synçylara görä, pikir işjeňligi hereket giňişliginde kemal tapyp, raýat raýdaşlygy ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady meseleler babatynda häkimiýetlere bildirilýän talaplar bilen utgaşýar. Bu hereketler belli bir syýasy topar ýa-da partiýa tarapyndan guramalaşdyrylman, öz-özünden, özakymlaýyn kemala gelýär we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň halkdan gözbaş alýan täzeçil gözleglerine goşant goşýar.

Sosial ulgamlar raýat işjeňliginiň iň esasy guralyna öwrülýär, ýöne diňe bir onlaýn giňişlikde däl, eýsem, fiziki giňişlikde, bazarlarda, ýokary okuw jaýlarynda, iş ýerlerinde, kärhanalarda we özara duşuşyklarda hem ýurtda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklar we olar babatyndan häkimiýetlerden edilýän talaplar gozgalýar.

“Adamlar aç-açan wideo ýüzlenmeler bilen häzirlikçe diňe durmuş-ykdysady meseleler boýunça prezident Serdar Berdimuhamedowa arz edýärler” diýip, ýerli synçy aýdýar.

Şeýle ýüzlenmelerde adamlar, megerem, otuz ýyllyk endige eýerip, hormatly’, gahryman’, Arkadagly Serdar’ diýip ýüzlenýärler, ýöne özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini gozgamakdan çekinmeýärler.

Ýerli synçylar şeýle çykyşlaryň ýygjamlaşýan pursatynda häkimiýetleriň arz-şikaýatlara jogap beriş tärleriniň hem öňkülerden tapawutlanýandygyny, ýumşaýandygyny aýdýarlar.

“MHM işgärleri öz arzyny dile getirýän raýatlara repressiýa gorkusy’ bilen däl-de, mylakatly we düşünişmäge çalyşmak’ bilen jogap berip başladylar” diýip, intelligensiýa wekili aýdýar.

Raýatlar tarapyndan sosial ulgamlarda gozgalýan meseleleriň arasynda ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi, giň ýaýran işsizlik, ýyladyş ulgamlaryndaky näsazlyklar, şeýle-de gaz, tok we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler ýaly problemalar agdyklyk edýär.

Ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynda sosial ulgamlarda arz-şikaýat wideolaryny çap edip, prezidente ýüzlenýän adamlaryň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilýändiklerini, ýöne olar bilen, öňki tejribelerden tapawutlylykda, mylakatly’ gürleşilýändigini habar berdi.

Ýöne peýda bolan bu mylakatlylyk’ hemmelerde ynam döredip barmaýar. Käbir adamlar häkimiýetleriň adaty bolmadyk ýumşaklygyna’ şübhe bildirýär. Özüni Mergen diýip tanyşdyran maryly bir telekeçi hem bu mesele babatynda skeptikleriň’ hatarynda.

"Sebäbi häkimiýetler günsaýyn agyrlaşýan ykdysady we durmuş krizisini inkär edip bilmeýärler, şonuň üçin hem MHM-ä arzyny dile getirýän raýatlar bilen mylakatly’ gürleşmegi tabşyrypdyrlar. Ýöne bu hereketlerde häkimiýetleriň ilaty eşitmek’ ýa-da durmuş reallygyny boýun alyp, problemalaryň bardygyny aç-açan dile getirmek’ niýetleriniň umuman ýokdugyny görmek bolýar, tersine, bu hereketler olaryň ilatyň görlüp-eşidilmedik jemgyýetçilik işjeňliginden lapykeç bolýandyklaryny görkezýär” diýip, maryly telekeçi aýdýar.

Ýerli intelligensiýa wekilleri türkmen jemgyýetinde örňäp barýan täze meýilleriň diňe arz-şikaýat beýan etmek batyrgaýlygy bilen çäklenmeýändigini, eýsem, jemgyýetde halkara arenasynda bolup geçýän wakalar bilen bagly geleňsizligiň hem aradan aýrylyp, şeýle temalaryň sosial ulgamlarda we özara gürrüňdeşliklerde giňden ara alnyp maslahatlaşlýandygyny aýdýarlar.

“Gürjüstanda, Ukrainada, Özbegistanda, Siriýada bolup geçýän wakalar türkmen jemgyýetinde giňden ara alnyp maslahatlaşylýar” diýip, Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny ýakyndan yzarlaýan synçylar aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Gürjüstanda häkimiýetler Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerini togtadandan soňra, raýatlar bu karara garşy çykyp, birnäçe gün bäri demonstrasiýalary guramalaşdyrýarlar.

Ukrainada 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri Russiýa esassyz çozuş alyp barýar.

Özbegistanda oktýabryň ahyrlarynda öňki bir ýokary wezipeli resminiň münüp barýan awtoulagynyň näbelli adamlar tarapyndan oka tutulmagyndan soňra, howpsuzlyk gulluklarynda geçirilen möhüm kadr çalşygy baradaky habarlar türkmen sosial media ulanyjylarynyň duşundan geçmedi.

Siriýada soňky bir hepdeden gowrak wagtyň dowamynda oppozisiýa güýçleri Damask häkimiýetine howp abandyryp, paýtagta tarap ilerläp barýar.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu wakalaryň hiç haýsy barada habar bermeýär.

Halkara arenasynda bolup geçýän wakalar bilen bir hatarda raýatlar ýurt içinde halk bilen häkimiýetiň arasynda emele gelen üzňeligi, durmuş-ykdysady problemalary ara alyp maslahatlaşýarlar, sosial torlarda bu meseleler dogrusynda teswir galdyrýarlar.

Şeýle meýiller güýçlenýär, sosial saýtlarda göni efirler gurnalyp, adamlar Türkmenistanyň syýasy giňişliginde we türkmen halkynyň jemgyýetçilik durmuşynda öňler tabu hasaplanan meseleler’ barada açyk pikir alyşýarlar.

“Sosial torlarda hatda feminizm, gender deňligi, seksual erkinlik temalary, galyberse-de söz we pikir azatlygy ýaly temalar, häkimiýetleriň eden-etdiligi, syýasy, ykdysady we sosial problemalar gozgalýar” diýip, synçylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan paýtagtly bir synçy jemgyýetde ýoň bolup barýan täzeçil meýillere diň salýar we täzeçil görnüşde kemala gelip barýan raýat habarlylygyny sowetler döwrüniň 1960-njy ýyllarynda orta çykan syýasy maýylganlyga’ meňzedýär.

“Maýylganlyk ýyllarynda ençeme romantik ýazyjylar, sungat işgärleri we adaty raýatlar kemala geldi. Olara romantik’ diýilmeginiň iň esasy sebäbi bu olaryň şol wagtlar metbugatda we radioda berilýän edebiýat we sungat gepleşiklerinde SSKP-den el çekmän eden aç-açan çykyşlary bilen baglydyr, olar şonda sowet totalitarçylygyny ynsan keşpli etmäge çalyşýardylar” diýip, paýtagtly synçy aýdýar.

Ol Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän syýasy doňaklygyň, basmagalyplygyň, durgunlygyň we üzňeligiň arasynda soňky wagtlarda türkmen jemgyýetinde özakymlaýyn kemala gelip barýan maýylganlyk’ babatynda häkimiýetleri bir mesele boýunça hüşgärlige çagyrýar.

“Emma Hruşýowyň maýylganlygynda häkimiýetler raýatlary diňlemedi, şol sebäpden, 60-njy ýyllaryň romantikleriniň SSKP-ä bolan ynamy doly syndy. Gynansak-da, häzirki türkmen režimi hem raýat jemgyýetiniň soraglaryna hiç hili jogap bermän, özlerini gitdigiçe durmuş reallygyndan daşlaşdyrsalar, bu ýagdaý prezidente aç-açan ýüzlenýän raýatlaryň soňabaka hormatly’, ýa-da gahryman’ ýaly epitetlerden el çekmeklerine getirip biler” diýip, paýtagtly synçy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýokary synp mekdep okuwçylary daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlyga ugrukdyrylýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe uzak ýyllardan soň Damaska geňeşçi belledi
Damaskda köpçülikleýin gubyr we neşe zawodlary tapyldy
BMG-niň ýörite wekili Siriýanyň gelejegi hakynda pikir alyşmak üçin HTŞ-nin liderleri bilen duşuşdy
Başar Asad wakalardan soň ilkinji gezek beýannama berdi