21—24-nji dekabr aralygynda Tokioda iş saparynda bolýan türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýapon Halkara Hyzmatdaşlyk Bankynyň (JBIC) başlygy Nobumitsu Haýaşi bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklara we ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda Marydaky ammiak we karbamid öndürýän zawod, Türkmenabatdaky kükürt kislotasyny öndürýän kärhana, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyna aýratyn üns berildi diýlip, habarda aýdylýar.
Şeýle hem, Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän gazhimiýa, ulag we oba hojalygy pudaklaryndaky ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar dogrusynda konstruktiw pikir alyşmalar geçirildi.
Şol gün Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen, şeýle hem Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşdy. Duşuşyklarda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň maliýeleşdirilmegi, Türkmenhimiýa döwlet korporasiýasynyň buýurmasy bilen tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaponiýanyň Daşary söwdanyň ösüşi boýunça guramasynyň (JETRO) baş direktory Nobuhiko Sasaki bilen bolan duşuşygynda Raşid Meredow Türkmenistanda JETRO-nyň edarasyny açmagy teklip etdi we kiçi hem-de orta ýapon kärhanalaryny türkmen bazarynda söwda etmek üçin çekmekligi, şeýle hem Ýaponiýada Türkmenistanyň Söwda öýüni açmagy hem-de Türkmenistanda Ýaponiýanyň söwda missiýasyny guramagy göz öňünde tutmagy teklip etdi.