Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimow 5-nji iýulda geçiren duşuşygynda häzirki zaman halkara we sebit ähmiýetli birnäçe mowzuklar boýunça pikir alyşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler aýratyn hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly birnäçe taslamalara seretdiler.Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Ilçisi iki döwletiň arasyndaky syýasy geňeşmeler işiniň netijeliligini mälim edip, bu ugruň ösdürilmegine taýýardygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri kesgitlenilip, şol sanda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri medeni mirasy gorap saklamak boýunça ABŞ-nyň Ilçiniň Gaznasyna Türkmenistanyň täsin taryhy mirasyny gorap saklamak boýunça goşan goşandyna we onuň alyp barýan işine ýokary baha berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn bilim ulgamy boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlaryna giňişleýin seredildi.