24-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok-Su bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine gyzgyn salamlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň halkara meýdançalardaky, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi barada bellenildi. Şeýle-de söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunçaTürkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bulardan başga-da, ýakyn wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň meýilleşdirilýändigi nygtaldy.Taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň anyk netijelerini, şol sanda Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky institutyň gaznasynyň Koreý dili we medeniýeti boýunça bilim beriş merkeziniň açylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapynyň bilim, şol sanda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanmasy bildirildi.