26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň BMG, YHG, AHHG we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerine-de seredilip geçildi. Halkara düzümleriň çäklerindäki ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi nygtaldy.