Raşid Meredow nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Raşid Meredow nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Germaniýanyň “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.

Saparyň çäginde nemes işewür wekiliýeti Türkmenistan Hökümetiniň resmileri bilen birnäçe duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär.

1991-nji ýylda döredilen “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” kompaniýasy telekeçilik meseleleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyrýar. “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýasy bolsa döwlet pudagyndaky edaralary dolandyrmak we maslahat bermek işini alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti germaniýaly işewürleri kabul etdi
Germaniýanyň “Goetzpartners Corporate Finance GmbH” we “Prodoehl Consult GmbH” kompaniýalary bilen duşuşyk barada
Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy
Toyota awtomobil bazarynda dünýäniň iň gymmat brendi boldy