26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024 (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesine, şol sanda üstaşyr gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ýük akymlaryny çaltlaşdyrmak mehanizmlerini ornaşdyrmak boýunça toplanan tejribä ünsi çekdiler.
Duşuşykda Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamlaryny, logistika özara arabaglanyşygyny ösdürmäge, ählumumy ykdysady proseslerine laýyklykda ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmäge goşýan goşandy aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, söhbetdeşler BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hususan-da BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň geljek ýyldaky başlyklygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, şol sanda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.