Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanylan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Eýran Yslam Respublikasy bolup durýandygyny belledi.Biziň ýurtlarymyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 30-njy iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin wise-premýer, daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredowy Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanylan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Türkiyäniň daşary işler ministri Eýranda saparda boldy
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Raşid Meredow Eýranyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
Ärdogan Ankarada türkmen wekiliýetini kabul etdi
Pakistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşylýar