Raşid Meredow Eýranyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Raşid Meredow Eýranyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Raşid Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz nobatynda Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dürli ugurlar boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian ýangyç-energetika, elektrik energiýasy, ulag-üstaşyr ugurlary boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryna we durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli taslamalaryna ýokary baha berdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar, bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri özara gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşdylar
Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti