Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i duşenbe güni habar berdi.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna ugradylan hatda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşdy we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň we ýurduň beýleki resmileriniň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.

Duşuşykda bu betbagtçylygyň ähli türkmen halkynyň ýüreklerinde agyr duýgulary döredendigi we türkmen tarapynyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmenistan we Eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal