Raşid Meredow Eýrana iş sapary bilen bardy

Raşid Meredow Eýrana iş sapary bilen bardy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze savlanylan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipe girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, Tährana bardy. Dabaranyň şu gün Eýran Parlamentinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ol Eýranyň Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan Pezeşkianyň döwlet Baştutany hökmünde tassyklanmagyndan soň geçiriler diýip, Mehr habar berýär.

Raşid Meredowyň sapary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 26-njy iýulda hökümet mejlisinde gol çeken buýrugy esasynda amala aşyrylýar. Eýran Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň daşary işler ministri Eýranda saparda boldy
Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi
Eýrana degişli ýük gämisi batdy
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН
Eýran günde 10 million kub metr türkmen gazyny import eder