Raşid Meredow AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşdy

Raşid Meredow AÖB-nyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

6-njy iýunda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşler ulag, saglygy goraýyş, telekeçilik ýaly ugurlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň AÖB bilen ulag, energetika, hususyýetçilige goldaw bermek we maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly ugurlarda uzak möhletleýin gatnaşyklarynyň netijeliligi nygtaldy.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň AÖB-na agza bolmagynyň 25 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly bilelikdäki taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň ösüş banky “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy 2024-2028” atly täze strategiýasy bilen tanyşdyrdy
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar
Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara halkara ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler, agyz-burun örtüklerini haýsy ýagdaýlarda dakynmaly
Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär