
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň doglan gününe sowgat hökmünde Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow iki sany tohum at sowgat berdi. Bu barada Darýo.uz ýazýar.
Kadyrow Telegram-sahypasynda Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandygyny belledi.
24-nji iýulda Şawkat Mirziýoýew öz doglan gününi belledi, ony dünýä liderleriniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň köp sanlysy gutlady. Geçen ýylyň maýynda Ramzan Kadyrow Özbegistana sapar bilen bardy, ol Daşkentde öz kakasy Respublikanyň birinji Prezidenti Ahmat hoja Kadyrow bilen baglanyşykly ýerlere zyýarat etdi.