Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind 2-nji aprelde paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.
Ýeri gelende bellesek, Prezident Ram Nath Kowind Hindistan we Merkezi Aziýa medeni hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlardan ybarat wekiliýetini Hindistana ibermäge taýýardygyny nygtady.