14-nji sentýabrda “Awazada’ “Amul-Hazar” awtorallisiniň ýeňiçilerini sylagladylar, Türkmenistandan bu ýaryşa 15 komanda gatnaşdy. Olaryň ikisi öz derejelerinde üçünji orny eýeledi.
TDH-nyň maglumatyna görä, ýeňijileri sylaglamak dabaralarynyň sahnasy sport awtomobiliniň stilistikasynda guruldy.
“Uly merkezi halka ruly şekillendirip, onda “Türkmenistan” ýazgysy, onuň üstünde 100 belgili ýaryş awtoulagynyň hem-de onuň üstünde Wepaly alabaýyň şekili ýerleşdirildi.Hut şeýle belgili awtoulagda döwlet Baştutanymyz ralli boýunça ýaryşlaryň başyny başlady. Ýazgynyň aşagynda hem-de ruluň her tarapynda tigirler görnüşindäki aýlawlarda awtomobil sporty boýunça türkmen ýygyndy toparynyň beýleki ulaglary görünýär” diýip, TDH ýazýar.
Neşir ýaryşyň ýeňijileri sylaglanmazdan öň prezidente onuň Akhan atly ahal-teke atynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylandygyny belleýär.
Soňra prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser ýaryşyň ýeňijilerine ýörite baýraklary we “Amul — Hazar 2018” ýadygärlik teňňeleriň toplumyny hem-de sowgatlyk türkmen milli lybaslaryny — içmekleri we silkme telpekleri gowşurdylar.
Altyn baýragyň eýeleri ispanlar Hoan Roma we Aleks Haro, Belarusuň “MAZ” topary — sürüjisi Sergeý Wýazowiç, şturmany Pawel Garanin hem-de mehanigi Andreý Žigulin, Gazagystandan “NISSAN” awtoulagynyň topary Kirill Çernenkow we Alekseý Mun, fransuz toparlary Týerri Pitawi we Jillis Kolombe, Iwan-Pýerre we Weronika Dard dagy boldular.
Kümüş baýraklara Çehiýadan Miroslaw Zapletal we Marek Sikora, Russiýadan “kamazyň” sürüjileri Aýrat Mardeýew, Dmitriý Swistunow we Ahmet Gilýautdinow, fransuz jübüti Herwe Dirs we Alan Brýus, gazagystanlylar Marat we Nursultan Abikaýewler, britaniýaly sürüji Garri Hant öz şturmany Wouter Rozegaar bilen mynasyp boldular.
TDH-nyň ýazmagyna görä, ýaryşa 100 nomeri bilen gatnaşan we döwlet baştutanynyň dolandyrmagyna bäsleşige başlan “ekipaž” üçünji baýrakly orna” mynasyp boldy. Bu maşynyň piloty Hojaguly Annamämmedow — Türkmenistanyň Prezident diwanynyň awtoulag kärhanasynyň sürüjisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni, şturmay Gaýgysyz Akmyradow — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi.
Şeýle-de 104 nomerli sport awtoulagy üçünji sylagly orny aldy. Onuň piloty Guwanç Hommadow, Türkmenistanyň IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni, şturmany Rejepnyýaz Annaberdiýew çykdylar.
Bürünç baýrak eýeleriniň arasynda şeýle hem “KAMAZ-masteriň” wekilleri Dmitriý Sotnikow, Ruslan Ahmadeýew, Ilgiz Ahmetzýanow, fransuzlar Žan-Klod Rufýe we Jerom Bos, gollandlar Gert Žan wan der Walk hem-de Branko da Lange bar.
Žan-Lui Şlesser sylaglama dabarsyndan soň Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň adyndan we hut öz adyndan “ralliniň guralmagynda we geçirilmeginde uly goldawy we gatnaşandygy üçin Türkmenistanyň baştutanyna hoşallyk bildirdi we prezidenti ýaryşy hakyky ýeňijisi diýip atlandyrdy”.
Baýramçylyk konsertine türk aýdymçysy Hadise Açykgöze, prezident tarapyndan aýdylan “Garagum” aýdymynyň ýerine ýetirijisi Igor Saruhanow, Anželika Sultanowa, Fransiýanyň “Alabina”, Rumyniýanyň “Morandi” aýdym-saz toparynyň wekilleri gatnaşdylar. şowhunly el çarpdylar.
TDH-nyň tassyklamagyna görä, tomaşaçylar hormatly prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen Sportly Türkmenistan diýen aýdymy şatlykly garşyladylar.
Aýdymyň sazy prezidentiň agtygy Kerimgula degişli bolup, ony Güneş topary bilen bilelikde ýerine ýetirdi.
Konsertiň ahyrynda prezidentiň döreden “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy aýdyldy.
Dabawa uly feýerwerkler bilen jemlendi.
1 of 7