Raisi: Palestina we Ýemen ýaşlarynyň edermenlik ruhy yslam rewolýusiýasynyň ýoludyr

Raisi: Palestina we Ýemen ýaşlarynyň edermenlik ruhy yslam rewolýusiýasynyň ýoludyr

Eýranyň prezidenti Sionistleriň Gazanyň halkyna garşy eden jenaýatlaryny ýazgaryp, ýaş palestinaly söweşijileriň edermenligini Yslam rewolýusiýasynyň dowamy hasaplady.

Sionist regžim anna güni agşam Gaza zolagynyň dürli sebitlerine howa we artilleriýa hüjümlerine başlady we şu wagşyçylykly hüjümler sebäpli şu wagta çenli 41 adam şol sanda 15 çaga şehit boldy.

Sionist režimiň Gaza zolagyna anna güni agşam çozup başlaly bäri beýleki 311 palestina raýaty ýaralandy, olaryň 96-sy çagalar, 30-sy aýallar we 12-si garrylardyrlar.

Bu jenaýatçylykly hüjümlere jogap hökmünde palestinaly garşylyk toparlary sionist şäherleri we basyp alan ýerlerdäki şäherleri, esasanam Tel Awiw we Ben Gurion howa menzilini ýüzlerçe raketa bilen nyşana aldy.

IRNA-nyň habaryna görä, Aýatolla Seýid Ybraýym Raisi ýekşenbe güni şehitleriň maşgalalarynyň bir topary bilen bolan duşuşygynda Hezreti Ymam Hüseýniň (AS) ýas günlerine gynanç bildirdi we sionistleriň Gazanyň halkyna garşy eden jenaýatlaryny ýazgarmak bilen häzirki wagtda palestinalylaryň garşylyk akymlarynda görlen abraý we beýiklik, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň sebite getiren ulumsylyga garşy durmagyň we özüne bolan ynamynyň netijesidir diýdi.

Raisi Sionistleriň Gazanyň halkyna garşy eden köp sanly jenaýatyny ýatlap: Häzirki wagtda Palestina halkyny geçmişi bilen deňeşdiriň, geçmişde palestinalylar Kemp Deýwid, Şarm el-Şeýh we Oslo parahatçylyk şertnamalary ýaly stollara seredýärdiler, emma häzirki wagtda sionistleriň sütemine garşy göreşýärler we bu başlangyç palestinaly ýaşlara degişlidir. Bu garşylyk ruhy, uruşda şehit bolanlaryň we Häräm goragçylarynyň gany bilen bereketlidir.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň prezidenti: Sebitiň geljegi gepleşik stolunda däl-de, halklaryň çydamy bilen kesgitlenýär
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Eýranyň prezidentiniň ölümi balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Kobakhidze Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesini tassyklandy
Amerikaly uçarman kosmosda bolmagyň täsirleri hakynda gürrüň berdi
Koheniň Musaddan aýrylmagy; Täze döwrüň sebäpleri we geljegi