Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Merkezi Aziýa ýurtlary, esasanam Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri diýip atlandyrdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbegistanyň Samarkand şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 22-nji sammitiniň çäginde duşuşanda Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek syýasatynyň dowam etdirilýändigine yşarat edip Tähran bilen Duşenbäniň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy üçin köp mümkinçilikler bardyr diýdi.
Täjigistanyň prezidenti hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, esasanam ykdysady we söwda pudaklarynyň ösüşinden kanagatlanýandygyny mälim etdi we ýurdunyň bu etaby dowam etdirmek kararyna gelendigini aýtdy.
Eýran Respublikasynyň we Täjigistanyň prezidentleri sebit meseleleri, howpsuzlyk we owgan halkynyň meseleleri barada hem maslahatlaşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi çarşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirzaýewiň resmi çakylygy boýunça resmi ikitaraplaýyn duşuşyk üçin şeýle hem, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 22-nji sammitine gatnaşmak üçin ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetiň başynda Özbegistana gitdi.