Raisi: Häzirki wagtda dünýä sebit mehanizmleriniň has täsirli roluna mätäç

Raisi: Häzirki wagtda dünýä sebit mehanizmleriniň has täsirli roluna mätäç

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu gün 6-njy SIKA sammitinde eden çykyşynda häzirki wagtda dünýä öňküsinden has täsirli sebit mehanizmlerine mätäçdir diýdi.

Agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň "Aziýada özara gatnaşyk we ynam döretmek çäreleri" (SIKA) atly altynjy ýygnagy şu gün (penşenbe) Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda başlandy.

SIKA-nyň 6-njy sammitiniň iň möhüm maksatlaryndan biri, gurluşyny konferensiýadan sebitleýin we halkara gurama çenli kämilleşdirmegi gözden geçirmek we tassyklamak bolar.

Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün Astana şäherinde geçirilen "SIKA" konferensiýasyna agza ýurtlaryň altynjy sammitinde beren gürrüňlerinde halkara ulgamynda özgeriş we geçiş prosesi belli bir tapgyra ýetdi we häkimiýetiň täze paýlanyşynda gegemoniki çemeleşmeler ret edildi we garaşsyz ýurtlaryň sesi we roly has köp eşidilýär we synlanýar diýdi.

Prezident Raisi şeýle hem terrorçylyga, ekstremizme garşy üstünlikli göreş, owgan bosgunlaryna we immigrantlaryna üznüksiz kömek, ezilen ýurtlary şol sanda Palestindan Ýemene çenli goramak, Yrak we Siriýa ýaly ýurtlaryň milli özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goldamak, birtaraplaýynlyga garşy göreş we kyn günlerde goňşulary goldamak Eýranyň hemişelik häkimýet ýoly we strategiýasy bolandyr diýdi.

Raisi şeýle-de baý Medeniýetli Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň adalat, ruhyýat, rasionalizm, ahlak, erkinlik we garaşsyzlyk esaslara görä düzülendigini aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda Aziýada ugurdaşlyk we howpsuzlyk eziji ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Eýranyň Prezidenti şeýle hem garaşsyzlyk we ösüş ýoluny saýlan Eýran halky, zor aýdyjylaryň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy diýdi.

Raisi şeýle-de Eýran halky Amerikanyň harby wariantyny ýatyrdy we özleriniň boýun alşy ýaly sanksiýalar syýasatyny we iň ýokary basyşyny şowsuzlyga uçratdylar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Taýlantda başdan geçirilen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde 22 adam ýogaldy
Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Hatyra kitabyna ýazgy ýazdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Katolikleriň Ruhani Lideri Eýrana Gynanç Bildirdi
Eýranyň prezidentiniň ölümi balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi