Raisi: Garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygy Amerikanyň durnuksyzlaşdyryş strategiýasyna iň aýgytly jogapdyr

Raisi: Garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygy Amerikanyň durnuksyzlaşdyryş strategiýasyna iň aýgytly jogapdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Russiýanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary bilen bolan duşuşygynda Amerikanyň durnuksyzlaşdyryş strategiýasyna garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň iň aýgytly jogapdygyny aýtdy.

Russiýanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bilen duşuşygynda iki ýurduň arasynda strategiki-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi nygtaldy we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmegiň parahatçylygy we durnuklylygy döretmegiň iň gowy usulydygy aýdyldy.

Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (çarşenbe) Russiýanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew bilen duşuşyp, Eýranyň we Russiýanyň isleginiň dürli ugurlardaky strategiki gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmakdygyny aýtmak bilen bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylandygyny we geljeginiň aýdyňdygyny nygtamak bilen şeýle diýdi: Garaşsyz ýurtlaryň hyzmatdaşlygy Amerikanyň we onuň ýaranlarynyň sanksiýalary we durnuksyzlaşdyryş syýasatyna iň aýgytly jogapdyr.

Raisi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň esasy syýasatynyň urşa garşy durmakdygyny aýtmak bilen urşuň geriminiň giňelmegi we ýokarlanmagy ähli ýurtlary alada goýýar diýdi.

Russiýanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada hasabat hödürlemek bilen syýasy, täjirçilik, energiýa, oba hojalygy we üstaşyr pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän işjeň işleýäris we Eýran-Russiýa bilelikdäki ykdysady komissiýasy hem iki ýurduň prezidentleriniň şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär diýdi.

Patruşew Yslam respublikasy bilen sebitdäki ýygnaklar we guramalar görnüşinde gatnaşyklaryň ösmegine umyt bildirmek bilen köp polýarly dünýäde döretmek dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbidinedir diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kursk Hüjümi Günbataryň we ABŞ-nyň Goldawy Bilen Guralandygyny Öňe Sürýär
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy
Meteožurnal: Owganystanlylar Türkmenistanyň serhet ýaka sebitlerinde bikanun mal bakýar
RF-nyň Howpsuzlyk geňeşi N.Patruşewiň Türkmenistana saparyna düşündiriş bermeýär
Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada gizlin barandygy aýdylýar
Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada gizlin barandygy aýdylýar