Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly

Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, howpsuzlyk şehitiniň maşgalasy bilen geçirilen söhbetdeşlikde, Eýran Yslam Respublikasynyň howpsuzlygy we ygtyýary Eýran halkynyň ýagdaýyna we müňlerçe şehitleriň tagallalaryna baglydyr diýmek bilen bu milli baýlygy goramak üçin hemmeleriň tagalla etmekleriniň zerurlygyny nygtady.

Basijiň batyr we gaýduwsyz agzalarynyň biri bolan "Salman Amir Ahmadi" Tähranyň 17-nji etrabynda bolan bidüzgünçiliklerden soň gozgalaňçylar tarapyndan şehit boldy.

Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi howpsuzlyk şehiti bolan Salman Amir Ahmadiniň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde: Yslam Eýranyň iň möhüm baýlygy, ýurda we halka zyýan ýetirmez ýaly dürli wagtlarda we dürli synaglarda döşlerini gerýän şehit Amir Ahmadi ýaly erkekleriň we aýallaryň bolmagydyr diýdi.

prezident Raisi şeýle-de şehit Amir Ahmadiniň maşgalasyna gynanç bildirip,janaýamazlyk we şehit bolmak medeniýetini Eýranda milli häkimiýetiň iň möhüm bölekleriniň biri hasaplap, Eýran Yslam Respublikasyny her dürli howplar, dildüwşükler we duşmançylykly hereketler bilen üznüksiz garşydaşlyk ugrunda buýsançly we ýeňiji eden zat, Jemgyýetçilik baýlygy, agzybirlik we şehitligiň medeniýetidir diýdi.

Raisi şeýle-de Amir Ahmadiniň şehit bolmagy baradaky ajy wakany çynlakaý yzarlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler
Raşid Meredow Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy