Raisi: Eýran ähli ýurtlar, esasanam goňşy we musulman ýurtlary bilen gatnaşygy giňeltmäge synanyşýar

Raisi: Eýran ähli ýurtlar, esasanam goňşy we musulman ýurtlary bilen gatnaşygy giňeltmäge synanyşýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Bruneýiň Tährandaky täze ilçisiniň şahsyýetnamasyny almak dabarasynda Eýran ähli ýurtlar, esasanam goňşy we musulman ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge synanyşýar diýdi.

Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" şu gün (duşenbe) Bruneýiň Tährandaky täze ilçisi "Ysmaýyl Abdolmanap" -yň şahsyýetnamasyny almak dabarasynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara yşarat edip: Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar iki musulman halkyň arasyndaky çyn ýürekden gatnaşyklara esaslanýar we bu gatnaşyklara esaslanyp iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek zerurdyr diýdi.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda: Eýran Yslam Respublikasy öz daşary syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam goňşy ýurtlar we musulmanlar bilen gatnaşygy giňeltmäge synanyşýar diýmek bilen Eýran bilen Bruneýiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky sebitleýin we halkara gatnaşyklar pudagynda hasam giňeljekdigine umyt edýäris diýip beýan etdi.

Bruneýiň Tährandaky täze ilçisi Ysmaýyl Abdolmanap hem bu dabarada bu ýurduň patyşasy Haj Hasan Bolkiah-yň salamyny Raisie ýetirip Bruneýiň täze ilçisi hökmünde iki musulman dogan we dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle-de şu gün Alžiriň Tährandaky täze ilçisi "Ali Orouj"yň şahsyýetnamasyny almak dabarasynda: Tähran Alžir bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Malaýziýanyň täze Hökümdary
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Sammit Waşingtonda geçiriler
Dünýäde koronawirusa garşy 10 milliarddan gowrak sanjym edildi
Dünýäde koronawirusa garşy 7 milliarddan gowrak sanjym edildi