“Türkmendemirýollary” agentliginiň ýolagçy biletlerini onlaýn usulda satmak üçin çykaran “Railways” mobil programmasynyň Android ulgamy üçin täze görnüşi elýeterli edildi. Programmanyň täze görnüşinde ýolagçylaryň bilet almagyny aňsatlaşdyrjkak ençeme täze funksiýalar goşuldy.
Mundan beýläk ýolagçylar bilet almak üçin ulanýan kartlarynyň maglumatlaryny mobil programmanyň ýadynda saklap bilerler. Munyň üçin programmada "Başga" bölümine girip, "Töleg kartlary" düwmesine basyp kartyň maglumatlaryny girizmeli.
Şeýle-de, täze görnüşde biletler bölümine gözleg funskiýasy goşuldy. Ýolagçylar stansiýasy, familýasy, ady we alynan senesine görä alynan biletleri gözleg edip bilerler.
Täze görnüşde esasy täzelikleriň biri hem, mundan beýläk ýolagçylaryň “Senagat bank” kartlary arkaly hem biletleri satyn alyp bilmegidir.
Bulardan başga hem, programmanyň umumy işleýişi optimizirlendi we programmadaky kiçi ýalňyşlyklar düzedildi.
“Railways” bilen syýahat siziň telefonyňyzdan başlanýar!