Russiýadaky Raiffeisen bank 1-nji sentýabrdan başlap azyndan 1000 dollar möçberindäki komissiýany, ýagny tölegi girizýär.Bu barada garaşsyz neşir "Turkmen.news" bankyň metbugat gullugyna salgylanyp, 21-nji awgustda habar berdi.
Bankyň täze düzgünine laýyklykda, Türkmenistanda ene-atalaryň Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalaryna daşary ýurt walýutasynda pul ibermek mümkinçiligi tas nola deň bolýar.Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy düzgüniň Russiýada okaýan türkmen ýaşlarynyň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrjakdygyny aýdýar.
“2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, beýleki banklardan ABŞ dollarynda gelýän serişdeleriň müşderileriň bank hasaplaryna geçirilmegi boýunça komissiýanyň (tölegiň) mukdary geçirilen serişdäniň 50%-ne, iň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolar, ýöne geçirilen mukdardan köp bolup bilmez” diýlip, bankyň metbugat gullugynyň çap eden maglumatynda aýdylýar.
Habarda komissiýanyň iň ýokary mukdarynyň 10 000 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy hem bellenilip, täze düzgünleriň fiziki şahslaryň, kiçi we mikro biznesleriň, şol sanda ýuridiki taraplaryň we ýekebara telekeçileriň hasaplaryna gelýän ähli geçirimlere degişlidigi aýdylýar.
“Bank, bazar şertleriniň üýtgemegi sebäpli ABŞ-nyň dollarynda gelýän geçirimleriň sanyny çäklendirmäge mejbur bolýar. Müşderilere beýleki töleg usullaryny ulanmagy maslahat berýäris” diýip, bankyň metbugat gullugy belleýär.
Bu düzgüne laýyklykda, ene-atalar Russiýada okaýan çagasynyň Raiffeisen bankdaky hasabyna pul ibermek islese, onda onuň mukdarynyň azyndan 2000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aňladýar.
Ýöne Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň 22-nji awgustda beren maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna türkmen banklary arkaly pul ibermegiň çägini aýda 200 ABŞ dollary möçberinde saklap galýarlar.
Şeýlelikde, ene-atalaryň Russiýadaky çagalaryna daşary ýurt walýutasynda pul ibermek mümkinçiligi tas nola deň bolýar. Sebäbi türkmen banklarynyň daşary ýurtlardaky studentlere pul ibermek üçin goýan çägi Raiffeisen bankyň iň pes komissiýa mukdaryna laýyk gelmeýär.
Galyberse-de, Raiffeisen bank Russiýada türkmen banklaryndan maliýe serişdelerini ABŞ dollarynda kabul edýän, bilinýän ýeke-täk bank bolmagynda galýar.
“Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy banky we Halkbank Russiýanyň 50 göterim komissiýa mukdaryny güýje girizendigini we munuň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aýdyp, häzirlikçe pul geçirimlerini kabul etmeýärler. Täze düzgün Russiýadaky studentleriň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrar” diýip, habarçymyz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, soňky aýlarda sebitdäki banklar ene-atalara Russiýa döwletine bäş aýda bir gezek pul ibermäge rugsat berjekdiklerini, onuň mukdarynyň 1000 ABŞ dollaryna deň boljakdygyny aýdyp gelýärdiler. Bu bildiriş, Raiffeisen bankyň iýun aýynda yglan eden düzgüni bilen utgaşýar.
9-njy iýunda bankyň metbugat gullugy 2023-nji ýylyň 20-nji iýunyndan başlap, beýleki banklardan ABŞ dollarynda gelýän serişdeleriň müşderileriň bank hasaplaryna geçirilmegi boýunça komissiýanyň mukdarynyň geçirilen serişdäniň 50%-ne, iň azyndan 500 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aýdypdy.
Bu düzgüne laýyklykda, ene-atalar Russiýada okaýan çagasynyň Raiffeisen bankdaky hasabyna pul ibermek islese, onda onuň mukdarynyň azyndan 1000 ABŞ dollaryna deň bolmalydygyny aňladýardy.
Türkmenistan daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryna gara bazaryň nyrhyndan azyndan bäş esse pes bolan Merkezi Bankyň kursy boýunça kesgitli möçberdäki manady dollara çalşyp bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Ýurtda alty ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, hökümetiň pul geçirmek mümkinçiligi ene-atalaryň aglabasy üçin uly goltgy bolmagynda galýar.
Ýöne häkimiýetler bu mümkinçiligi tapgyrlaýyn esasda çäklendirip gelýär. Pul ibermegiň çägi ilkibada, ýagny 2016-njy ýylda 1000 ABŞ dollaryna barabar bolan bolsa, häzir 200 ABŞ dollaryna çenli çäklendirildi.
Galyberse-de, indi alty ýyldan gowrak wagt bäri hödürlenýän mümkinçilikden diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawa girizilen daşary ýurt okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar peýdalanyp bilýärler.
Häkimiýetleriň çäklendirmeleri zerarly ene-atalaryň öz wagtynda pul iberip bilmezligi köp studentiň okuwdan çykmagyna, käte gyzlaryň "ten satmaga" mejbur bolmagyna getirýär.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda pul ibermek bilen baglanyşykly kynçylyklar we bularyň ene-atalara we olaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna ýetirýän täsirleri barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.