Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Emomali Rahmon hem-de Şawkat Mirziýoýew Duşanbe şäherinde resminamalaryň toplumyna, şol sanda Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada täjik habar beriş serişdelerine salgylanýan Report.az habar berdi.
Prezidentler gol çekilen resminamalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esasyny berkitjekdigine ynam bildirdiler.
Iki ýurduň Liderleri dürli ugurlarda, şol sanda söwda, ulag, energetika we oba hojalygy ugurlarynda gatnaşyklary berkitmek barada pikir alyşdylar.
Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew döwlet sapary bilen Täjigistana bardy.