Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy

Rahmon Täjigistanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurduň dolandyryjy Halk demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy, ony partiýanyň Duşanbe şäherinde geçen 15-nji gurultaýyna gatnaşyjylar goldadylar. Bu barada TASS habar berdi.

Habarda Malikşo Nematzodanyň partiýanyň başlygynyň birinji orunbasary, Umed Bekmurodyň we Karimzoda Mirzokosimiň başlygyň orunbasarlary wezipelerine saýlanandygy bellenýär.

Rahmon gurultaýy açyp, oňa gatnaşyjylary partiýanyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de onuň soňky bäş ýyldaky işine seljerme berdi.

THDP ýurduň iri syýasy partiýasy bolup, 1994-nji ýylda esaslandyryldy. 1998-nji ýylyň martynda Rahmon partiýa girdi we şondan bäri onuň başlygy bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Rahmon we Mirziýoýew Duşanbede resminamalar toplumyna gol çekdiler
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türkmenistan Duşenbede geçirilen halkara kitap sergisine gatnaşdy