Halkara maliýe edaralary Täjigistany ortaçaýyllyk ykdysady ösüş depgini boýunça çalt ösýän ykdysadyýetli ýurt diýip ykrar etdiler. Bu barada Milli ösüş geňeşiniň ýygnagynda eden çykyşynda ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.
Ýygnaga Milli ösüş geňeşiniň agzalary, halkara guramalaryň, ýurduň ministrlikleriň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Rahmon häzirkizaman dünýäsinde dartgynly ýagdaýyň dowam edýändigine we daşky ýaramaz şertleriň täsirine garamazdan, soňky sekiz ýylda milli ösüş depgininiň ortaça 7,4 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany şeýle-de Täjigistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly üstünlikleri gazanandygyny we bahalandyrmalara görä, 70 göterimlik ösüşe ýetendigini nygtady.