Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda Abdyş-Ata 24-nji tapgyryň çäginde Ilbirsi kabul edip, garşydaşyny uly hasap bilen ýeňdi. 6 pökgi geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlandy.
Ýeňiji toparda türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow esasy düzümde meýdana çykdy we toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.
Duşuşykda Abdyş-Atanyň gollaryny 19-njy minutda Arlen Şarşenbekow, 48-nji we 87-nji minutlarda Maksat Alygulow, 82-nji minutda Mirbek Ahmataliýew geçirdi. Myhmanlarda bolsa Baýbol Ermekow 15-nji we 86-njy minutlarda tapawutlandy.
Kant şäheriniň Merkezi stadionynda geçirilen bu duşuşykdan soňra utugyny 53-e çykaran Abdyş-Ata iň ýakyn bäsdeşi Alaýdan 7 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň başyny çekýär. Şeýlelikde, türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň çempiony bolmaga ýene bir ädim ýakynlaşdy.