"Rafaha gury ýer hüjümi betbagtçylyga sebäp bolar we oňa ýol berilmeli däldir"

"Rafaha gury ýer hüjümi betbagtçylyga sebäp bolar we oňa ýol berilmeli däldir"

Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gaza zolagyna baryp gören Serhetsiz lukmanlar guramasynyň baş sekretary Kristofer Lokýer, X sosial media platformasyndan beýanat berdi.

Kristofer Lokýer: "Rafaha gury ýer hüjümi betbagtçylyga sebäp bolar we oňa ýol berilmeli däldir" diýip belledi.

Ysraýylyň goşunynyň 7-nji oktýabrdan bäri asuda ilatly ýerleri, hassahanalary, mekdepleri we ýerlerinden sürgün edilen palestinalylaryň sygynan ýerleri nyşana almaga dowam etmek bilen birlikde, ynsanperwer kömegiň girmeginiň hem öňüni alyp, halky açlyga sezewar eden 2,3 million ilatly Gaza zolagynda uly betbagtçylyk başdan geçirilýär.

UNRWA 10-njy martda beren beýanatynda Ysraýylyň 17 ýyl bäri gabaw astynda saklaýan Gaza zolagynda açlygyň ähli ýerde höküm sürýändigini belläpdi.

BMG Ysraýyl tarapyndan güýçli hüjüme sezewar bolan Gaza zolagynda 2,2 million adama açlyk howpunyň abanýandygy barada duýduryş beripdi.

Ysraýylyň Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde azyndan 13 müň 500 çaga we 9 müň zenan bolmak bilen birlikde 31 müň 726 palestinaly öldi, 73 müň 792 adam ýaralandy.

Harabalyklaryň aşagynda hem müňlerçe adamyň ýogalandygy habar berildi, halkyň gaçyp sygynan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynyp, raýat infrastrukturasy hatardan çykarylýar.

Ýene degişli makalalar

20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Şrek-5 filminiň surata alnyşyna taýýarlyk başlandy
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi
Hulusi Akar Antakýadaky NATO çadyr şäherçesiniň açylyşyna gatnaşdy
Hepdäniň täze animasiýalary