Rafael Nadal Rimdäki "Mastersiň" finalyna çykdy

Rafael Nadal Rimdäki "Mastersiň" finalyna çykdy

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal Rimde (Italiýa) geçirilýän “Masters” ýaryşynyň finalyna çykmagy başardy.

Ýaryşyň ýarym final duşuşygynda 34 ýaşly Nadal ABŞ-nyň wekili Raýlli Opelkany iki setde 6:4, 6:4 hasabynda ýeňdi.Duşuşyk jemi 1 sagat 32 minut dowam etdi.

Nadal 3 gezek göni urgy bilen utuk aldy we 7 breýk-pointden 2-sini gazanmagy başardy.Amerikaly tennisçi bolsa 5 gezek eýs bilen utuk aldy, ýöne 4 breýk-pointden ýekejesini-de gazanyp bilmedi. Ýaryşyň ýeňijisi bolmak ugrundaky jemleýji oýunda Nadal Nowak Jokowiç (Serbiýa) - Lorenzo Sonego (Italiýa) duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Rimdäki "Mastersiň" baýrak gaznasy 2,563,710 ýewro boldy. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi - dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç. 2020-nji ýylyň finalynda ol 7:5, 6:3 hasabynda argentinaly Diego Şwarsmany ýeňipdi.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç kolleksiýasyny tamamlady
18 ýaşly Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi boldy
Jokowiç, Federer we Nadal Leýwer kubogy üçin Ýewropanyň ýygyndysyna girdi
Medwedew ilkinji gezek Nadaly ýeňdi we ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň finalyna çykdy
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi, aşgabatly konditer Pýatnisa! teleýaýlymyndaky gepleşige gatnaşdy, Özbegistanyň çäginde Türkmenistan türkmen döwlet teleýaýlymy elýeterli boldy we beýleki habarlar
Dünýäniň birinji raketkasy şikes aldy