Eýran döwletiniň metbugat sekretary Amerikanyň öňki administrasiýasy Eýrany çetleşdirmek üçin köp synanyşdy, ýöne şowsuz boldy we Amerikanyň özi çetleşdi diýdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýran dowletiniň metbugat sekretary "Ali Rabiei" sişenbe güni wideo konferensiýasy görnüşinde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň soňky bir ýylda daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanandygyna we öňki ABŞ režiminiň Eýrany howpsuzlandyrmak we çetleşdirmek üçin görlüp-eşidilmedik basyşyna garşy durmagy bilen we diplomatiýa eýermegi bilen Amerikanyň maksatlaryny puça çykarandygyna yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Baş Assambleýanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlislerinde we Gaagadaky Halkara Adalat Kazyýetinde ahlak taýdan çetleşdirendigini we kanuny taýdan günäkärlendigini aýtdy.
Eýran döwletiniň metbugat sekretary şeýle-de sanksiýalara garamazdan Eýranyň goňşy ýurtlar bilen söwdasy gowy ösdi we söwda we goňşuçylyk serhetlerini sebitdäki ähli ýurtlar üçin ygtybarly we girdejili geografiki baglanyşyga öwürmek kararyna gelýäris diýdi.
Rabiei sözüniň ahyrynda Amerika hökümetiniň dünýädäki parahatçylyk etabyna boýun bolmakdan we Eýrana garşy sütemini bes etmekden başga çäresi ýokdyr diýdi.