Rabiei: ABŞ-nyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasaty Waşingtony utandyrdy

Rabiei: ABŞ-nyň Eýrana garşy iň ýokary basyş syýasaty Waşingtony utandyrdy

Eýran döwletiniň metbugat sekretary: ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy iň ýokary basyş syýasaty bu ýurt üçin ýeňilmekden we utançdan başga netije bermedi diýdi.

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Ali Rabiei sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda beren gürrüňlerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Eýrana garşy basyşlaryň üstünlikli bolandygyny we ähli mümkinçilikleriň henizem stoluň üstünde durýandygyny aýtmagynyň jogabynda Amerikanyň taryhynda iň erbet Döwlet sekretary, Eýrana edilýän iň ýokary basyşyň özi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin ýeňlişe we utançdan başga zat getirmändigini gowy bilýär diýdi.

Rabiei sözüniň dowamynda ABŞ-nyň Eýrana garşy görülýän iň ýokary basyşyň we görlüp-eşidilmedik sanksiýalaryň maksady adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrmak we derman we azyk önümlerine bolan ygtyýaryny bozmak we halkara Eýranlylary halkara maliýe ulgamyndan kesmek bolsa howa ol bu ýolda üstünlik gazandy.

Şol bir wagtyň özünde Eýran hökümetiniň metbugat sekretary şeýle düşündirdi: Häzirki uguryny çaşyran ABŞ hökümetiniň indi stolda hiç hili mümkinçiligi ýok we ýoluň ahyryna ýetdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Prezidenti Britaniýanyň Şasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
ABŞ-nyň ,Eýrana garşy iň ýokary basyşynyň şowsuz kampaniýasynyň dowamy
ABŞ senatory: Pompeonyň Eýran bilen gepleşik geçirmek üçin şertleri ýerine ýetirilmedi
Hatibzadeh: Pompeonyň iň ýokary basyşy iň ýokary şowsuzlyga ýetdi
Waşington pandemiýa wagtyndaky azyk bilen gyzyklandy, Aşgabat owgan gürrüňlerini gaýtalady
Aşgabat Metbugat azatlygy gününi pidalar barada dymyp garşylaýar, aktiwistler Waşingtonda ildeşlerine goldaw bildirýär
ABŞ Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga täze mümkinçilik açýan "özgerişlikler deňzini' görendigini aýdýar