Türkmenistan Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara tebigy gazyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 18-nji noýabrda türkmen-eýran işewürlik forumynyň çäginden eden çykyşynda mälim etdi.
Ministriň sözlerine görä, Türkmenistan we Eýran tebigy gazyň bilelikdäki eksporty boýunça ýeterlik tejribe topladylar. Şunuň bilen baglylykda, bu toplanan tejribe gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat eder.
SNG Today saýtynyň habar bermegine görä, R.Meredow öz çykyşynda gaz pudagynda bilelikdäki işleriň häzirki wagtda üçünji ýurtlara türkmen tebigy gazyny ibermäge mümkinçilik berýän swop şertnamasy boýunça alnyp barylýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu meselede türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge taýýardyr.
Şeýle hem, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy içerki nebit-gaz pudagynyň maddy-üpjünçilik binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny we degişli önümçilik hem-de infrastruktura düzümlerinde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurda eýranly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.