Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Halkara migrasiýa guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn tertipde duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garaldy, geçen ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň HMG bilen gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda düzgünleşdirilen hem-de howpsuz zähmet migrasiýasy babatda oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy. Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu meýilnama “Adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek” we “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.
Türkmen tarapy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly milli hem-de sebit derejesinde bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlara aýratyn üns berlip, hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunuň bilen baglylykda, heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasy barada aýdyldy.
Bu babatda Türkmenistanyň Howpsuz, düzgünleşdirilen hem-de kanuny migrasiýa hakynda ählumumy şertnamadan gelip çykýan borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça milli derejede hereketleri beýan edildi.