R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy

R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy

Şu gün, 24-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi. Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Pakistanyň Federal nebit ministri bilen duşuşyk geçirildi
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlanýar
Türkmen türgenleri Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdylar
Şu gün Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler
Tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşlarynyň tertibi