R.Meredow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň täze wekili bilen duşuşdy

R.Meredow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň täze wekili bilen duşuşdy

4-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler.

Esasy meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň BSG agzalygyna girmegi, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny we onuň öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary, adam hukuklary, ykdysady diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegi, energetika, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Türkmenistanyň daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan, Ýaponiýa ikileýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyk baglaşdylar
Türkmenistan we Malaýziýa energiýa pudagyndan daşgary hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär
BMG Türkmenistanyň MA-da ýadrosyz zolak hakyndaky Kararnamasyny kabul etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow "Milletiň atasy" atlandyryldy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk
R.Meredow FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili bilen duşuşdy
2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar