10-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy atly Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, alnyp barylýan bilelikdäki iş, şol sanda global derejede oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygy meseleleri babatda taslamalar we maksatnamalar boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda taslamalaýyn ylalaşyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwletiniň daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga gönükdirilen halkara prosesslerdäki işjeň orny bellenildi.
Şeýle-de taraplar gepleşikleriň dowamynda maslahatlaşylan FAO-nyň Türkmenistan tarapyndan goldanylan taslamalary boýunça pikir alyşdylar. Ilatyň azyk üpjünçiligine baha bermek pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribelerini ulanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.