R.Meredow bilen A.Owerçuk türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar

R.Meredow bilen A.Owerçuk türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň DIM-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna bilelikde başlyklyk edijileriň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde dowam etdi, oňa Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki işleriň täze ugurlaryny gözlemäge gönükdirilen bu duşuşugyň ähmiýetini bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar hereket edýän, şol sanda ulag, elektroenergetika we ş.m. ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň möhüm orny nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Raşid Meredow Özbegistanyň Ilçisi Bilen Duşuşdy
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi bilen duşuşdy
R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy
2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we HGHK sebit bölümi 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Şweýsariýa resmi adamlar üçin wiza talaplary ýatyrmagy ylalaşdylar