Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere gönezlik bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'

Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere gönezlik bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasy 2024-nji ýylda at-owazasy jahana dolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllgyna bagyşlanýan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümi bilen dowam edýär.

Bu gepleşikde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally Puşkin bile Pyragynyň arasyndaky meňzeşligi seljerýär we beýik akyldaryň hökman bilinmeli eserlerine ser aýlaýar.

Gepleşigimiziň 1-nji bölüminde geçen ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen çäreleriň jemine syn edip, döwlet gözegçiliginde, şeýle-de raýat başlangyçlary bilen geçirilen jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryna nazar etdik.

Nobatdaky gepleşik bilen, Dünýä Türkmenleri programmamyz möhüm ýyl dönüme bagyşlanan dördünji gepleşigi diňleýjilere hödürleýär.

Bu tema boýunça ýylyň dowamynda taýýarlan gepleşiklerimizi Azatlyk Radiosynyň web sahypasyndan diňläp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

DT: Pyragy we Puşkin milli medeniýetlere 'gönezlik' bolmak jähetden birmeňzeş wezipeleri 'ýerine ýetirdi'
Meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň 120 ýyllygy bellendi
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dabarasy dag aşdy
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler