Russiýanyň ýeňil agramdaky garyşyk söweşijisi Pýotr Ýan Abu-Dabide geçirilen UFC 267-de amerikaly Kori Sendhageni ýeňdi.
Söweş doly bäş tapgyrlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan karary bilen Ýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Hasap 49-46, 49-46, 49-46 boldy.
Şeýlelik bilen, 28 ýaşly russiýaly söweşiji promuşeniň wagtlaýyn çempiony boldy. Ilkibaşda Pýotr guşagyň häzirki eýesi Aljamein Sterling bilen jogap duşuşygyna çykmalydy. Ýöne Sterling saglyk ýagdaýy sebäpli söweşmekden ýüz öwürdi.
Ýan üçin bu ýeňiş MMA-nyň düzgünleri boýunça 18 söweşde 16-njy üstünlik boldy, Sendhagen bolsa 18 söweşde dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.