“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gezelenjiň dowamynda bu syýahatçylyk gämisi Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau) we Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna hem barar.

Gämide ýolagçylara restoranlar, spa otaglary, sport zallary, howuz we sauna otaglary ýaly amatlyklar hödürleniler. Gämidäki kaýutalaryň umumy sany 155 bolup, olar 310 ýolagça niýetlenendir.

“Pýotr Welikiý” gämisi Russiýa Federasiýasynyň Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş önümçilik merkeziniň “Lotos” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasynyň önümçilik meýdançasynda guruldy.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Pýotr Welikiý gämisiniň gezelenjiniň ugry Türkmenistany öz içine alar, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyna häkim bellenildi, Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde açyk gapylar günleri geçiriler we beýleki habarlar
Russiýanyň gubernatory Türkmenbaşy bilen Astrahanyň...
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Rim Papasy 7-nji oktýabry parahatçylyk üçin doga okalyş güni diýip yglan etdi
Halkara tans güni