Putiniň Türkmenistana saparyndan hiç bir netije bolmady

Aýdyn Mehtiýew

Pravda.ru

Russiýanyň prezidenti bäş ýyllyk arakesmeden soň resmi sapar bilen Aşgabatda boldy. Gepleşikleri jemleri boýunça prezident Wladimir Putin we onuň türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow RF bilen Türkmenistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşly baradakay Şertnama gol çikdi. Emma muň garamazdan, ekspertleriň bellemegine görä, rus liderine has möhüm meseleler boýunça oňyn netijeleri gazanmak başartmady.

Şeýle göräýmäge iki lideriň duşuşygy ýakymly ýagdaýda geçdi: Putin Türkmenistanyň prezidentine gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin “Aleksandr Newskiý” ordenini gowşurdy we oňa derek, “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin” diýen ordeni aldy we “parasatly hem-de görnükli” syýasy işgär diýlip atlandyryldy.

Emma, ekspertleriň bellemeklerine görä, saparyň dostlukly atmosferasy ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky esasy problemalary ýaşyryp bilmedi.

60 ýaşyndaky Berdimuhamedow fewralda üçünji möhlete prezident saýlandy we 10 ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda otyr. 2007-nji ýylyň fewralyndan bäri ol Russiýadan ähli ugur boýunça ykdysady meselelerden harby pudaga çenli doly arasyny açdy.

Türkmenistan ozalky SSSR-iň çägindäki hiç bir birleşige doly agza hökmünde girmeýär.Bu ýurt GDA-nyň doly hukukly agzasy däl, diňe assosirlenen agzasy bolup durýar. Şeýle-de Aşgabat Ýewraziýa ykdysady bileleşigine (ÝAYB), Gümrük birleşigine we Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna (KHŞG) girmekden boýun gaçyrdy.

Russiýanyň Aşgabady uzak aralyga uzaýan türkmen-owgan serhedini bilelikde goramaga yrmak ugrunda eden tagallalary hem netijesiz boldy.Berdimuhamedow öz ýurdunyň bitaraplyk durumyna eýe bolmak bilen, daşary ýurt goşunlarynyň (bu ýagdaýda rus ýa-da KHŞG goşunlarynyň) öz territoriýasyna girizilmegine rugsat berip bilmejekdigini aýtdy.

Bolan zatlaryň ählisinden çen tutulsa, Putiniň sapary bu meselede hiç bir üýtgeşiklik getirmedi: Türkmenistanyň prezidenti howpsuzlyk we halkara terrorçylygyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy baradaky umumy sözleri aýtmak bilen çäklendi.

Putiniň saparynyň beýleki bir intrigasy bolsa energiýa meselesi bilen bagly.Mesele şunda, Kaspi deňziniň bäş döwleti eýýäm çärýek asyr bäri Hazar deňziniň hukuk durumy baradaky konwensiýa gol çekip bilmän gelýär.

Russiýa bu konwensiýa gol çekilmezinden öň Türkmenistanyň Kaspiniň düýbünden “Transhazar” adyny alan gaz geçirijini gurmaga hakynyň ýokdugyny aýdýar.Munsuz türkmen gazy (ýurt mawy ýangyç gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar) Ýewropa baryp bilmeýär.

“Bu meseläniň ýurt üçin strategiki ähmiýeti bar” diýip, Berdimuhamedow Putine aýtdy. Ol hazarýaka döwletleriniň 2018-nji ýylda geçiriljek indiki samitinde bu konwensiýanyň gutarnykly ylalaşyljagyna umyt bildirdi.

Belki-de Putin Aşgabada kompromis planyny alyp barandyr: Russiýa “Transhazar” gaz geçirijisiniň gurulmagy boýunça garşylygyny bes edýär, muňa derek Aşgabat Moskwa bilen gaz hyzmatdaşlygyny dikeldýär.

Ýöne bu ýerde dürli wariantlar bar. Olaryň biri Türkmenistanyň 2009-njy ýylda “Gazprom” bilen arasy kesilen işini dikeltmeginde jemlenýär. Bu iş 2003-nji ýylyň ýazynda baglaşylan we 25 ýyl dowam etmeli ylalaşygyň çäginde alnyp barylýardy.

“Gazprom” bu dokument boýunça türkmen gazynyň Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden Russiýa getirilmegi, ony satyn alyp, Ýewropa satmak boýunça operator funksiýasyny ýerine ýetirýärdi.

Bu hyzmatdaşlyk 2006-njy ýylyň aýagynda, türkmen lideri Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň peseldi. Nyýazowyň mirasdüşeri Berdimuhamedow, rus gaz läheňini tölege ukypsyzlykda aýyplap, şertnamany ýatyrdy.

“Gazprom” bilen dabaraly ýagdaýda açylan we ýylda 40 milliard kub metr proýekt kuwwaty bolan “Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisi şertnamasynyň ýatyrylmagy hem tötänlik bolmasa gerek. Ondan gaz ibermek 2009-njy ýylyň aýagynda başlanypdy.

Ýogsa-da, Putiniň Aşgabada baran güni goňşy Gazagystan Hytaý bilen 15-nji oktýabrdan bu ýurda her ýylda 5 milliard kub metr gazak gazyny iberip başlamak we mundan 1 milliard dollar gazanmak baradaky şertnama gol çekdi.

Şeýlelikde, Hytaý halk respublikasy “Gazpromyň” inisiatiwasyny gapyp alýar we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen olaryň gazyny satyn almak barada Russiýany gatnaşdyrmazdan, göni ylalaşýar.

Şonuň bilen bir wagtda Aşgabat Baku we Ankara bilen bilelikde ýewropa bazarlaryna çykmak boýunça “gaz üçburçlugyny” döretmek çärelerini gözleýär. Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen gury ýer serhedi ýok, şu sebäpden Merkezi Aziýadan ýangyjyň Baku-Tbilisi-Erzrum gaz geçirijisine düşmegi üçin ýeke-täk çykalga bu Kaspi deňziniň düýbünden geçiriji gurulmagy bolup durýar.

Türkmen gazynyň Bakuwdaky gaz geçirijä birikdirilmegi üçin ýene bir mümkinçilik bolsa, Eýranyň üstünden tranzit ýoluny ulanmak, ol ýerden Azerbaýjandan sowa, göni Türkiýä we Ýewropa çykmak ähtimallygy bolup durýar. Emma Aşgabat entek Tähran bilen bu meseledäki gepleşiklere başlamdy.

Şeýlelikde, hazirki pursatda Russiýa we Türkmenistan diňe hyzmatdaşlar we ýaranlar däl, eýsem Hytaý we Ýewropa gaz bazarlary boýunça konkurentler, bäsdeşler bolup durýar. Häzrlikçe, türkmen gazy Ýewropa baryp ýetýänçe, “Gazprom” Köne kontinentde energiýa howpsuzlygynyň ýeke-ytäk kepilligi bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
Russiýanyň garamagyndaky harby blok bitarap Türkmenistany Owganystan boýunça hyzmatdaşlyga’ çagyrýar
Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, Demirýollary otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar
Gazagystanyň birinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň mejlisiň deputaty bolan uly gyzy Dariganyň öňki paýtagtdadygy, Nazarbaýewiň erkek dogany Bulatyň Dubaýa gaçandygy habar berilýär
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejisiniň ilkinji gününň gysgaça jemleri