Russiýanyň prezidenti Donbas sebitini goramak üçin ýörite harby operasiýanyň buýrugyny berdi.
Donbass sebiti rus ilaty bilen gündogar Ukrainada ýerleşýär we 2014-nji ýyldan bäri sebitdäki orslar Donetsk we Luhansk atly iki respublikany döretdiler we Ukrainanyň hökümetinden garaşsyz ýerli dolandyryş edaralaryny döretdiler.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni irden telewideniýede eden çykyşynda Russiýanyň Ukrainada "ýörite harby operasiýa" edýändigini we Moskwanyň maksadynyň Ukrainany ýaragsyzlandyrmakdygyny we bu territoriýany basyp almak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Gündogar Ukrainadaky ýagdaýyň şeýle bir möhümdigini we muňa Moskwanyň aýgytly hereket etmegini talap edýändigini aýtmak bilen daşary ýurt gatyşmagy halatynda Russiýa derrew reaksiýa görkezer diýdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidentiniň Donbasda "ýörite harby operasiýa" baradaky buýrugyna jogap edip: Dünýä Russiýany jogapkärçilige çeker diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, ABŞ-nyň prezidenti penşenbe güni irden eden çykyşynda Putiniň katastrofiki ýitgilere we adam azaplaryna sebäp boljak öňünden meýilleşdirilen söweşi saýlandygyny aýtdy.
Ol şeýle-de Russiýanyň bu hüjümine ABŞ we onuň ýaranlary we hyzmatdaşlary agzybir we aýgytly jogap berer diýip nygtady.
Germaniýanyň kansleri Olaf Schultz Russiýanyň Ukrainadaky harby hereketini halkara hukugynyň "aç-açan bozulmagy" diýip atlandyrdy.
Schultz şu güni (penşenbe) "tutuş Ýewropa üçin gara gün" diýip atlandyrdy we Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan harby hereketini halkara hukugynyň "aç-açan bozulmagy" diýip häsiýetlendirdi.
Russiýanyň Donbasdaky harby operasiýasyndan soň, Fransiýa hem bu hüjümi ýazgardy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Moskwa-Kiýew krizisine bagyşlanan ýygnagynda Donbasda harby operasiýa başlandygyny habar berdi.
NATO-nyň Baş sekretary Russiýanyň Donbasdaky harby operasiýasyny esassyz diýip baha berdi.
AFP habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň Ukraina guran hüjümini samsyk we manysyz diýip häsiýetlendirip, hüjümiň sansyz janyna howp saljakdygyny öňe sürdi.
şol bir wagtda Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň haýsydyr bir şäherine ýa-da ýaşaýyş ýerlerine hüjüm etmejekdigini we diňe ýurduň harby infrastrukturasyny nyşana aljakdygyny mälim etdi.