Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň garaşsyz dalaşgär bolmagy üçin tutan ýüz tutmasy bilen baglanşykly maslahat geçirdi.
Maslahatda Wladimir Putiniň dalaşgärligi tassyklandy.
Putiniň dalaşgärligi üçin merkeze hödürlenen 315 müňe golaý goldan 60 müňüniň gözden geçirilendigi we şolaryň 91 göteriminiň güýsiz hökmünde kabul edilendigi mälim edildi.
Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy Dumada bar bolan Russiýanyň Liberal Demokrat partiýasynyň başlygy Leonid Slutskiýni, Komunist partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlenen deputat Nikolaý Haritonowy, Täze adamlar partiýasynyň başlygynyň orunbasary Wladislaw Dawankowyň dalaşgärliginiň ozal tassyklapdy.
Federasiýa Geňeşi dekabr aýynda Prezident saýlawlarynyň 2024-nji ýylyň 15-17-nji mart aralygynda geçirilmegi barada karar kabul edipdi.