Putin ýurtdaky esgerleriň sanyny artdyrdy

Putin ýurtdaky esgerleriň sanyny artdyrdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin rus goşunyndaky esgerleriň sanyny takmynan ýene-de 180 müň adam artdyryp, jemi harbylaryň sanyny 2 million 389 müňe ýetirilmegi baradaky karara gol çekdi.

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň gol çeken we Russiýanyň Döwlet kanuny maglumatlar ulgamynda çap edilen kararnama görä, 1 million 500 müňi esger bolmak bilen Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň düzüminiň sany 2 million 389 müň 130 adam hökmünde kesgitlendi.

Ady agzalan karar 1-nji dekabrda güýje girer.

Putin 2023-nji ýylyň dekabr aýynda gol çeken kararnamasy bilen ruş goşunynyň sanyny 1 million 320 müňi esger bolmak bilen jemi 2 million 209 müň 130-e ýetiripdi.

Ýene degişli makalalar

Sergeý Şoýgu Eýranda saparda bolýar
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň Russiýa girmegi barada beýanat berdi
Putin: "34 ýurt BRICS-iň düzümine dürli ýollar bilen goşulmak isleýär" diýdi
“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýa Goşunyň Sanyny Artdyrar