Putin uruş başlaly bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparlarynyň çäginde Türkmenistana barýar

Putin uruş başlaly bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparlarynyň çäginde Türkmenistana barýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Altynjy sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar edýär. Putin Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina esassyz çozmagyndan bäri daşary ýurtlara amala aşyrýan ilkinji saparlaryny, başda Täjigistana soňra Türkmenistana amala aşyrýar.

Rus prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Putiniň Aşgabada amala aşyrýan saparynyň çäginde Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem-de prezident Serdar Berdimuhamedow bilen aýry-aýrylykda duşuşjakdygyny 27-nji iýunda žurnalistlere mälim etdi.

Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlar we iş meselelerini ara alyp maslahatlaşar, sammitiň öň ýany bolsa Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşar.

Bellesek, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda 65 ýaş doglan gününi bellär. Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň geçirilýän senesi öňki prezidentiň doglan gününe gabat geldi.

Putiniň post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparlary Moskwanyň Ukraina urşy zerarly halkara sanksiýalara duçar bolup, halkara jemgyýetçiliginden barha üzňeleşýän wagtlaryna gabat gelýär.

Ukrainada barýan gazaply urşuň fonunda Putin Täjigistan we Türkmenistana sapar edýän mahaly, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Oleksiý Arestowiç Täjigistan bilen Türkmenistany Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalary böwüsmezlige çagyrdy.

Arestowiç bu barada 27-nji iýunda meşhur “Feýgin Live” YouTube kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Synçylar Russiýanyň özüne garşy girizilen halkara sanksiýalary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kömegi bilen böwüsmäge synanyşmak ähtimallygyna ünsi çekýärler.

Putin täjik kärdeşi Emomali Rahmon bilen 28-nji iýunda Duşenbede ikiçäk duşuşdy.

Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministriniň öňki orunbasary Karimjan Ahmadow Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilýän ikiçäk duşuşykda Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny böwüsmegiň ugurlarynyň maslahat edilýändigini çaklaýar. Onuň sözlerine görä, Russiýa hususan-da özüniň altyn eksportlary babatda Täjigistanyň mümkinçiliklerinden we çeşmelerinden peýdalanmakçy bolýar.

“Bu babatda hiç kim sesini çykaranok, ýöne bu mesele hökman ara alyp maslahatlaşylar” diýip, Kanadada ýaşaýan öňki täjik resmisi 27-nji iýunda özüniň Facebook sahypasynda ýazdy.

Dünýäniň ykdysady taýdan öňdebaryjy ýedi ýurdy, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada we Ýaponiýa 26-28-nji iýunda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirilýän Ýediler toparynyň döwlet baştutanlarynyň 48-nji sammitinde Russiýanyň altyn eksportlaryna garşy sanksiýa girizmegi meýilleşdirýär. ABŞ prezidenti Jo Baýden göz öňünde tutulýan bu gadagançylygy 26-njy iýunda Twiiter arkaly mälim etdi.

Russiýa bilen Türkmenistan aradaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň jikme-jikligi köpçülige mälim däl, ýöne rus prezidenti Wladimir Putin 10-njy iýunda türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen Moskwada duşuşanda iki ýurduň söwda dolanyşygynyň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde 40 göterim töweregi ýokarlanandygyny mälim etdi.

Ýatlasak, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde, has takygy 24-nji fewralda Russiýa Ukraina esassyz goşun girizdi we munuň edil yz ýany agyr ykdysady sanksiýalara sezewar boldy.

Bitarap Türkmenistanyň hökümeti Russiýanyň Ukrainada alyp barýan agressiýasy babatda öz pozisiýasyny aç-açan aýtmaýar.BMG-niň Baş Assambleýasynda 3-nji martda geçirilen ses berişlikde 141 ýurt Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny biragyzdan ýazgaryp ses berdi.

Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady.Ukrainada barýan esassyz urşuň fonunda, BMG-niň Baş Assambleýasy 7-nji aprelde Russiýany Adam hukuklary geňeşinden çykarmak barada ses berişlik geçirdi. 93 ýurt bu teklibi biragyzdan goldady, Türkmenistan bu ses berişlige-de gatnaşmady.

Bu aralykda, Türkmenistan aprel aýynda Ukraina ynsanperwer ýardam iberjekdigini yglan etdi. Ýöne bu hemaýatyň Ukraina gowşup-gowuşmandygy ýa-da Ukrainanyň haýsy sebitlerine niýetlenendigi mälim bolmady.

Galyberse-de, Putin 10-njy iýunda türkmen kärdeşini Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.

Ýöne şu günler beýleki käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri Russiýanyň hödürleýän döwlet sylaglaryndan çetde durmaga çalyşýar.

Ýaňy-ýakynda Russiýa Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan Aleksandt Newskiý ordeni bilen sylaglady, ýöne gazak prezidentiniň metbugat gullugyna görä, Tokaýew bu sylagy kabul etmekden ýüz öwürdi. Üstesine, Tokaýew Gazagystanyň "DHR" (Donetsk halk respublikasy) we "LHR" (Luhansk halk respublikasy) diýilýän kwazi-döwletleriň, emeli döwletleriň garaşsyzlygyny ykrar etmeýändigini aýtdy we Gazagystanyň Russiýa garşy girizilen sanksiýalara eýerýändigini belledi.

Gazak prezidentinden tapawutlylykda, türkmen prezidenti Putiniň sylagyny kabul etdi. Has ozal, 2017-nji ýylda Putin Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady. Putin 2018-nji ýylda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýewi Russiýanyň “Edermenlik” medaly bilen sylaglady.

Annaýewe II Jahan urşunda görkezen “batyrlygy we gaýduwsyzlygy” üçin berlen medal Gurbanguly Berdimuhamedowyň 61 ýaş doglan gününe gabatlap Aşgabada gowşuryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar
Ukrain we rus daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirdiler