“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”

“Putin Ukraina Bilen Stambulda Başlan Parahatçylyk Gepleşiklerine Uly Ynam Bildirýär”

Nehammer, söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri Wladimir Putin bilen duşuşan Ýewropaly ilkinji hökümet başlygy boldy.

Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukraina bilen Stambulda başlan parahatçylyk gepleşiklerine uly ynam bildirýändigini we bu meselede Prezident R. T. Erdogan bilen pikir alyşjakdygyny aýtdy” diýdi.

Premýer-ministr Nehammer, Russiýanyň paýtagty Moskwada Putin bilen bolan duşuşygyndan soň, ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi.

Wladimir Putin bilen duşuşygynyň umuman oňyn geçendigini ýatladan Nehammer, gepleşikleriň dowam etdirilmegi taýdan bu başlangyjynyň möhümdigini belledi.

Karl Nehammer, Putiniň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşmak teklibine bolsa hiç hili jogap bermändigini belledi.

Putiniň ýurdy bilen Ukrainanyň arasynda Stambulda 29-njy martda başlan we arakesme berlen gepleşikleriň dowam etdirilmegini isleýändigini aýdan Nehammer, “Stambuldaky gepleşiklere uly ynam bildirýär. Bu meselede Prezident R. T. Erdogan bilen pikir alyşar” diýdi.

Nehammer, söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri Wladimir Putin bilen duşuşan Ýewropaly ilkinji hökümet başlygy boldy.

Emma metbugatda berilen habarlara görä, Fransiýanyň Içeri işler we Adalat ministrliklerinden berilen beýanatda, ýurdyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýynda asuda ilatyň öldürilmeginden soň, harby jenaýaty emele getirýän aksiýalaryň jezasyz galmazlygynyň öňüni almak üçin Ukraina harby topar ugradylandygy mälim edildi.

Beýanatda kazyýet-lukmançylyk hünärmenlerinden we Milli Žandarma Jenaýat derňew institutynyň Jenaýatyň bolan ýeri we anyklaýyş bölüminden 15 žandarmadn ybarat toparyň, ukrainaly we halkara resmilere gyrgynçylyklaryň derňelmegi boýunça anyk goldawy bermek we subutnama kesgitläp ýygnamak babatynda goldaw berjekdigi beýan edildi.

DNK ýygnamak we barmagyň yzlaryny kesgitlemek babatynda hünärmen toparyň gözegçilik we diagnostika ulgamyny gurjakdygy bellen beýanatda, toparyň ukrainaly resmiler bilen ylalaşyk içinde Halkara jenaýat kazyýeti tarapyndan geçiriljek derňew işine hem goldaw berip biljekdigi aýan edildi.

Fransiýanyň Kiýew şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Etýen de Ponsen Twitter hasabyndan beren beýanatynda Ukrainanyň Lwow şäherine baryp ýeten topary garşylamkdan bagtyýardyklaryny, Fransiýanyň bular ýaly görnüşde kömek beren dünýäde ilkinji ýurtdygyny we toparyň gysga wagtda işe girişjekdigini mälim etdi.

Fransiýanyň Goranmak ministrligi Fransiýa tarapyndan ugradylan toparyň bitarap ýagdaýda derňew geçirmejekdigini beýan etdi.

Ukrainanyň Baş Prokurory Irina Wenediktowa Sky News habarlar agentligine beren beýanatynda, diňe Kiýewiň golaýynda asuda ilatdan 1222 adamyň jesediniň tapylandygyny we Ukrainanyň çar tarapynda harby jenaýatyň edilendigini we adamzada garşy jenaýat edilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Fransiýa Ukraina harby topar ugratdy
TDG-na agza ýurtlaryň Baş Prokurorlarynyň 3-nji geňeşi geçirildi
Botanikler dünýäde iň uly suw liliýasyny tapdylar
Dünýäniň iň uly suw liliýasy tapyldy  
Stokgolmda Nobel hepdeligi başlady
Lukmançylyk boýunça Nobel baýragy adam ewolýusiýasy boýunça gözlegler üçin berildi